SPORT

Transfer täzelikleri: Abraham “Roma” geçdi

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary badalga aldy. Germaniýa, Angliýa, Ispaniýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň futbol çempionatlarynyň duşuşyklaryna gyzyklanmanyň artýan döwründe transfer täzelikleri hem amala aşyrylýar.

Žoze Mourinýonyň tälim berýän Italiýanyň “Roma” topary Angliýanyň “Çelsi” toparynyň hüjümçisi Temmi Abrahamy 40 million ýewro satyn aldylar.

Transfer täzelikleri barada maglumatlar:

  • Russiýanyň SSKA topary horwat futbolçy Nikola Wlaşiçi kärendesine bermek isleýär.
  • Italiýaly futbolçy Lorenso Insinýe Russiýanyň “Zenit” toparynyň ýyllyk zähmet haky 8 million ýewrolyk teklibinden ýüz öwürdi.
  • Daniýaly futbolçy Martin Breýtueýt “Barselona” toparyndan gitmek isleýär. Ol topara zähmet hakyny ýokarlandyrmagy teklip etdi. Eger teklip oňlanmasa, şertnamany ýatyrmakçy bolýar.
  • “Barselona” topary düzümindäki  futbolçysy Samuel Umtitä 1 hepde puryja berdi. Şol döwürde özüne topar tapyp, gitmek oňa teklip edildi. Fransuz futbolçy bilen Fransiýanyň birnäçe toparyndan teklipler gelip gowuşdy, ýöne Umtiti şol teklipleri oňlamady.
  • Italiýanyň “Ýuwentus” topary “Sassuolo” toparyndan Manuel Lokatellini kärendesine almak babatda ylalaşdy. Soňlugy bilen bu futbolçyny doly satyn almak göz öňünde tutulýar. Transfer bahasy 35 million ýewrodyr.
  • Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň futbolçysy Martin Edegoryň Angliýanyň “Arsenal” toparyna geçmegine garaşylýar. “Real Madrid” toparynyň tälimçisi Karlo Ançelottä Edegoryň toparda peýdaly bolup biljekdigini ynandyryp bilmediler.

 

Germaniýanyň “superi” – “Bawariýa”

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi