Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütidünýä ykdysady forumyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda “Parahatçylyk geňeşini” döretmek dabarasy boldy. Dawosda 19 döwletiň ýolbaşçysy Donald Trampyň başlangyçlary esasynda döredilen “Parahatçylyk geňeşiniň” düzgünnamasyna gol çekdi.

Tramp bilen bir hatarda, resminama Azerbaýjanyň, Argentinanyň, Ermenistanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Indoneziýanyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Kataryň, Mongoliýanyň, BAE-niň, Pakistanyň, Paragwaýyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, şeýle hem özbaşdaklygyny yglan eden Kosowo Respublikasynyň ýolbaşçylary gol çekdiler.
Dabara Ak tamyň saýtynda göni ýaýlymda alnyp baryldy.
Esaslandyryş resminamalaryna gol çekilenden soň, Trampyň başlangyçlary esasynda emele gelen Geňeş resmi halkara guramasyna öwrüldi.
Tramp bu gurama gatnaşmak üçin 60 döwletiň ýolbaşçysyna çakylyk iberdi, şolaryň hatarynda Russiýa we Belarus ýaly döwletler hem bar.
Agzalyk möhleti üç ýyl diýlip bellenildi we ony başlyk tarapyndan uzaltmak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy; hemişelik agza derejesini almak üçin 1 milliard dollar möçberinde gatanç talap edilýär.
