DÜNÝÄ

Tramp Tokaýewi we Gazagystany Parahatçylyk geňeşine çagyrdy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampdan Gaza şäheri boýunça döredilýän Parahatçylyk Geňeşiniň düzümine girmek barada resmi çakylyk aldy. Şeýle hem Gazagystana bu geňeşiň esaslandyryjy döwletleriniň biri bolmak teklip edildi.

Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, bu barada Prezidentiň kömekçisi – metbugat sekretary Ruslan Želdibaý mälim etdi.

«Prezident Kasym-Žomart Tokaýew dünýä liderleriniň arasynda ilkinji bolup Parahatçylyk Geňeşiniň düzümine girmek barada resmi çakylyk aldy, Gazagystana bolsa bu täze birleşigiň esaslandyryjy döwletleriniň biri bolmak teklip edildi. Muňa jogap hökmünde döwlet Baştutany ABŞ-nyň Prezidentine çuňňur minnetdarlyk bildirilýän we bu täze birleşigiň düzümine girmäge razylyk beýan edilýän hat iberdi. Prezident Gazagystanyň Ýakyn Gündogarda durnukly parahatçylygy gazanmaga, döwletara ynamy pugtalandyrmaga hem-de global durnuklylygy üpjün etmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady», — diýip ol aýtdy.

Ozal habar berlişi ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Gaza şäheri boýunça Parahatçylyk Geňeşini döretmekçi bolýandygyny mälim edipdi. Bu geňeşiň esaslandyryjy ýurtlary hökmünde gatnaşmak üçin birnäçe döwletiň Baştutanlaryna çakylyklar ugradyldy.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk