TEHNOLOGIÝA

“Toyota” -dan kosmos gämisiniň beýany

Ýaponiýanyň awtoulag ägirdi “Toyota” 2040-njy ýyla çenli adamlara Aýda we Marsda ýaşamaga kömek etmek bilen Aýyň üstüni öwrenmek üçin ulagyň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa bu mesele boýunça Ýaponiýa kosmos gullugy bilen işleşýändigini aýtdy.

Dünýädäki iň uly awtoulag kompaniýasy “Toyota” kosmos baradaky meýilnamalaryny paýlaşdy. Ýapon awtoulag kompaniýasy, 2040-njy ýyla çenli Aýda, soňra bolsa Marsda ýaşamaga kömek etmek maksady bilen Ýaponiýanyň kosmos gullugy bilen Aýyň üstüni öwrenmek üçin ulagda işleýändigini aýtdy. Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugy bilen bilelikde işlenip düzülen bu ulaga “Toyota Cruiser” -iň “Land Cruiser” sport görnüşine meňzeýän “Lunar Cruiser” diýlip atlandyryldy. “Toyota Motor Corp” -da “Lunar Cruiser” taslamasyna ýolbaşçylyk edýän Takao Sato ulagyň adamlaryň howpsuz iýip, işläp, uklap we awtoulagda beýlekiler bilen aragatnaşyk gurup biljekdigi baradaky pikire esaslanýandygyny we kosmosda hem edil şonuň ýaly edilip bilinjekdigini aýtdy.

Sato: “Biz kosmosa asyryň öwrülişigi üçin giňişlik hökmünde seredýäris. Kosmosa gitmek bilen telekommunikasiýa we adam ömri üçin gymmatly boljak beýleki tehnologiýalary ösdürip bileris” -diýdi.

“Toyota” bilen hyzmatdaşlykda işleýän “Gitai Japan Inc.”, “Lunar Cruiser” -iň gözleg we tehniki hyzmat ýaly işleri ýerine ýetirmek üçin robot goluny ösdürýär, şol bir wagtyň özünde goluň ujuny dürli gurallar bilen işlemek üçin çalşyp bolýar. Bu çalşyp bolýan gol bolsa arassalamak, götermek we süpürmek ýaly işleri ýerine ýetirer.

“Gitai” -niň baş direktory Şo Nakanose, kosmosa uçmak meselesiniň esasan çözülendigini, ýöne kosmosda işlemek kosmonawtlar üçin gaty köp çykdajylaryň we howplaryň bardygyny aýtdy.

“Toyota” in inženeri Şiniçiro Noda, “Aý” taslamasyna, awtoulag öndürijisiniň müşderilere hyzmat etmek baradaky uzak möhletli wezipesine we aýyň ýerdäki ýaşaýyş üçin gymmatly çeşmeler bilen üpjün edip biljekdigine begenýändigini aýtdy.

Noda:” “Maşynlarymyzy aýa ibermek biziň borjumyz” -diýip, “Toyota”-nyň hemme ýerde diýen ýaly ulaglary bar. Ýöne bu awtoulaglarymyzy hiç wagt bolmadyk ýerimize eltmek baradadyr” diýip çykyş etdi.

29-njy ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw

Aşgabatda sowadyjyly täze awtobuslar ýolagçylara hyzmat eder

Gazagystanda emeli aň boýunça ministrlik dörediler