SIZDEN GELENLER

Towuk etiniň peýdaly ähmiýeti

Adamlaryň aglaba böleginiň et we et önümlerine bolan islegleri günsaýyn ýokarlanýar. Bu önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin towuk etiniň aýratyn uly orny bardyr.

Dünýä boýunça adam tarapyndan peýdalanylýan et we et önümleriniň arasynda towuk eti ilkinji orunlarda durýar.

Towuk etinden dürli görnüşli tagamlar taýýarlanylýar. Olaryň biri bolsa towuk çorbasydyr. Ol örän ýokumly bolup, tiz wagtda energiýa bermäge ukyplydyr.

Towuk etinde köp mukdarda belok, aminokislotalar, kaliý, fosfor, demir, sink, ýod,  hem-de az mukdarda ýag, A, С, E, D we B toparynyň witaminleri demir şeýle hem magniý bardyr. Ol adamyň nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär we ýatkeşligi güýçlendirýär. Ýokumly witaminleriň we minerallaryň toplumy nerw öýjükleriniň kadaly işlemegini üpjün edýär.

Hünärmenler ýokary hilli towuk etini birnäçe keselleri bejermekde ulanyp boljakdygyny aýdýarlar. Ol  gan basyşyny kadalaşdyrýar hem-de holestriniň derejesini peseldýär we böwrekleri işjeňleşdirýär.

Towuk etiniň iýmitlik gymmaty:

  • energiýa berijiligi 113 kkal;
  • belok 23,6 gr;
  • ýag 1,9 gr;
  • uglewodlar 0,4 gr;
  • suw 73 gr;
  • kül 1,1 gr.

Towuk etiniň dürli bölekleriniň energiýa berijiligi hem tapawutlydyr. Döş böleginiň etiniň 100 gram iýmitlik gymmaty 115 kkal we bud böleginiň etiniň 100 gram iýmitlik gymmaty 180 kkal-dyr.

Towuk etinde ak etiň köp bolanlygy üçin ol horlanmaklyga uly ýardam berýär.

100 gram towuk etinde 20%-den gowrak belok bardyr. Beloklar myşsa ulgamyny has-da kuwwatlandyrýar we immun ulgamyny güýçlendirýär.

Aşgazan-içege keselleri üçin towuk eti maslahat berilýär. Bu et berhizlik häsiýete eýedir. Ol aşgazanda aňsatlyk bilen özleşdirilýär. Munuň sebäbi, onuň düzüminde az mukdarda et süýümleriniň bar bolmagydyr.

Uzak wagtlyk we giň gerimli barlag-gözleg işleriniň netijesinde amerikan alymlary towuk etini iýmegiň ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmagyny 20% azaldýandygyny anykladylar.

Gülşat Täçmuhammedowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Ysraýylyň syýahatçylyk ministri bilen telefon söhbetdeşligi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti