DÜNÝÄ

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Owganystanyň Hyrat welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde uly ösüşleriň gazanylandygyny habar berildi. Hyrat welaýatynda turbageçirijini gurmak üçin ýol ugrunyň 91 kilometri eýýäm taýýar edildi. Bu barada Owganystanyň “Ariana” neşiri habar berýär.

Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar Owganystandaky TOPH taslamasynyň ýolbaşçysy Begenç Abdullaýew, şeýle-de Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsuly Batyr Ýulow bilen duşuşyk geçirip, taslama boýunça amala aşyrylan işler hem-de geljekki meýilnamalar barada pikir alyşdy.

Duşuşykda owgan tarapy taslamanyň gurluşygynyň okgunly depginine hem-de taslama gatnaşýan ähli taraplaryň tagallalaryna ýokary baha berdi. Ol Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrandygyny belläp, onuň üstünlikli tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.

Tehniki hasabata görä, taslamanyň ugrunyň 91 kilometriniň turbageçiriji goýmak üçin doly taýýarlanandygyny habar berildi. Şeýle-de bu ugurda häzirki we geljekki gurluşyk işlerini goldamak maksady bilen birnäçe işçi düşelgesiniň döredilendigi aýdyldy.

TOPH taslamasynyň Hyrat welaýatyndaky gurluşygy ýylyň ahyryna çenli tamamlanar diýlip garaşylýar.

Türkmenistanyň tebigy gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana ibermegi maksat edinýän TOPH taslamasy sebitdäki iň iri strategiki energetika başlangyçlarynyň biri hasaplanýar. Taslamanyň sebitara baglanyşygy pugtalandyrmaga, ykdysady ösüşe we Owganystanda täze iş orunlarynyň döredilmegine uly goşant goşmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata beripdi.

Ýylda 33 milliard kub metr gaz berjek kuwwatly TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän uly “Galkynyş” gaz ýatagyndan Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherlerinden, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistaň günbatarynda ýerleşýän Fazilka şäherine çenli çekilýär. Onuň umumy uzynlygy 1814 kilometre deň bolar. Türkmenistan 214 kilometre deň öz bölegini 2024-nji ýylda gurdy we ulanmaga taýýarlady.

Ýene-de okaň

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar

2026-njy ýylda Gazagystana haýsy dünýä ýyldyzlary geler

Döwlet migrasiýa gullugynyň Tejen etrap bölüminiň täze edara binasy açyldy