JEMGYÝET

TOPH taslamasy boýunça türkmen-owgan duşuşygy

“TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir alyşyldy.  Taraplar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň görkezmesi esasynda 2021-nji ýylyň awgust aýynyň soňunda geçirmegi meýilleşdirilýän çäreleriň dabaraly geçirilmegi üçin degişli işleriň alnyp barylmagy barada nygtadylar.

Soňra, TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygy üpjün etmek baradaky Howpsuzlyk Konsepsiýasyna gol çekişmek çäresi geçirildi.

Agzalan Konsepsiýa türkmen tarapyndan “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekil M.Amanow we owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad gol çekdiler.

E.Ebad bu Konsepsiýa TOPH gaz geçiriji taslamasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňde duran işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine, şol sanda Kabul ediji tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşygyň (HGA) goşundylary bolan Howpsuzlyk meýilnamasynyň we teswirnamasynyň işlenip taýýarlanmagyna uly ýeňillik döretjekdigi nygtaldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dynç alşa açylýar

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär