SPORT

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Halkara Olimpiýa komiteti Tomash Bahyň resmi taýdan wezipesinden gitmek baradaky arzasyny kabul etdi. Bu çözgüt 23-nji iýunda Bah ýolbaşçylyk wezipesini täze saýlanan ýolbaşça bermegi bilen güýje girer. 

Bah 1991-nji ýyldan bäri Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasydyr. 71 ýaşyndaky german hünärmen 2013-nji ýylda bu guramanyň ýolbaşçysy wezipesine 8 ýyllyk möhlet bilen saýlandy. 2021-nji ýylda ýene-de 4 ýyllyk möhlete saýlanan Bah nobatdaky gezek dalaşgär bolmakdan ýüz öwürdi.

Tomas Bah öz döwrüniň meşhur türgenleriniň biridir. Ol 1976-njy ýylda gylyçlaşmak boýunça Olimpiýa çempiony, 1977-nji ýylda dünýä çempiony boldy.

Sport dünýäsiniň esasy halkara guramalarynyň biri bolan Halkara Olimpiýa komitetiniň täze ýolbaşçysy mart aýynda saýlanar.

Halkara guramanyň täze ýolbaşçysy wezipesine 7 dalaşgär bolup, olary – britaniýaly Sebastýan Kou, ýapon Morinari Watanabe, fransuz Dawid Lapartýan, şwed Ýohan Eliaş, ispan Huan Antoniu Samaranç-kiçisi, iordaniýaly Feýsal al-Huseýn we 2 gezek Olimpiýa çempiony Zimbabweden Kisrti Kowentri.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy