SPORT

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşlary başlady

23-nji iýulda resmi açylyş dabarasy geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşlaryna badalga berildi. Ýaponiýanyň softbol sporty boýunça milli ýygyndysy Fukusima stadionynda Awstraliýanyň ýygyndysyny 8:1 hasabynda utdy.

Däp bolşy ýaly, Olimpiýa oýunlarynyň käbir ýaryşlary resmi açylyş dabarasyndan öň başlanýar. 1996-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň ýaryşlary sportuň futbol görnüşi bilen däl-de softbol görnüşi bilen başlandy.

Softbol 1996-2008-nji ýyllarda Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşulypdy. Bu sport görnüşinde 3 gezek ABŞ-nyň milli ýygyndysy, bir gezek hem Ýaponiýanyň milli ýygyndysy ýeňiş gazanypdy. Sportuň bu görnüşi 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşulmaýar.

Ýaponiýadaky ýaryşa 6 topar – Awstraliýa, Kanada, Italiýa, Meksika, ABŞ hem-de Ýaponiýa gatnaşýar.

Softbol – besýbol oýnuna meňzeş oýundyr. Sportuň bu görnüşinde has ýumşak top ulanylýar we meýdança hem kiçidir.

 

50 ýyldan soňra çempion boldy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi