DÜNÝÄ

Tokio «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Şu ýylyň dekabr aýynyň ortalaryna Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky Prezidentleriň derejesindäki ilkinji sammitiň geçirilmegine taýýarlyk görülýär diýip, «Nippon» ýapon habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýa 20 ýylyň dowamynda şeýle formatdaky gepleşikleri diňe ministler derejesinde geçirdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti tebigy serişdelere baý, ykdysady taýdan durnukly, köp ugurly üstaşyr-ulag mümkinçiliklerine eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen strategik hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan täze ugurlaryny döretmek sammitiň gün tertibindäki esasy meseleleriň hatarynda görkezilýär. Ýokary derejeli sammite sebit döwletleriniň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň 20 ýyllygynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň awgust aýynda Prezidentleriň derejesinde Gazagystanda sammit geçirmek meýilleşdirilipdi. Emma Ýaponiýada şol döwür bolup geçen weýrançylykly ýertitremesi zerarly, duşuşyk yza süýşürilip, onuň geçiriljek senesiniň bolsa gaýtadan ylalaşyljakdygy habar berlipdi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi