SPORT

Tokio-2020: Türkmenistan medally ýurtlaryň sanawynda

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlary Türkmenistan üçin şowly boldy. Bu Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan döwletimize wekilçilik eden Polina Gurýewa 59 kilogram agrama çenli ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldy.

Bu medal ýurdumyzyň Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky ilkinji medal bolmak bilen, ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Tokio 2020-da agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda 59 kg agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz birbada götermekde 96, itekläp götermekde 121 kg, umumylykda-da 217 kg agram bilen kümüş medala mynasyp boldy.

Bu gazanylan kümüş medal bilen Türkmenistan döwletimiziň ady medally ýurtlaryň sanawynda öz mynasyp ornuny aldy.

 

ÝURT ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 ABŞ 9 5 8 22
2 Hytaý 9 5 7 21
3 Ýaponiýa 8 3 5 16
4 Russiýa 5 7 4 16
5 Beýik Britaniýa 4 5 1 10
6 Awstraliýa 3 1 5 9
7 Günorta Koreýa 3 0 4 7
8 Kosowa 2 0 0 2
9 Italiýa 1 4 4 9
10 Kanada 1 3 1 5
11 Braziliýa 1 2 2 5
11 Fransiýa 1 2 2 5
11 Şweýsariýa 1 2 2 5
11 Taýwan 1 2 2 5
15 Тunis 1 1 0 2
15 Wengriýa 1 1 0 2
17 Germaniýa 1 0 3 4
18 Sloweniýa 1 0 1 2
18 Horwatiýa 1 0 1 2
20 Eýran 1 0 0 1
20 Тailand 1 0 0 1
20 Ekwador 1 0 0 1
20 Аwstriýa 1 0 0 1
20 Gonkong 1 0 0 1
20 Filippinler 1 0 0 1
20 Özbegistan 1 0 0 1
20 Norwegiýa 1 0 0 1
20 Bermud adalary 1 0 0 1
29 Niderlandlar 0 3 0 3
30 Ispaniýa 0 2 1 3
31 Gruziýa 0 2 0 2
31 GAR 0 2 0 2
33 Serbiýa 0 1 1 2
33 Indoneziýa 0 1 1 2
33 Çehiýa 0 1 1 2
36 Belgiýa 0 1 0 1
36 Bolgariýa 0 1 0 1
36 Hindistan 0 1 0 1
36 Rumyniýa 0 1 0 1
36 Kolumbiýa 0 1 0 1
36 Daniýa 0 1 0 1
36 TÜRKMENISTAN 0 1 0 1
36 Iordaniýa 0 1 0 1
44 Gazagystan 0 0 3 3
44 Ukraina 0 0 3 3
46 Türkiýe 0 0 2 2
46 Mongoliýa 0 0 2 2
46 Müsür 0 0 2 2
46 Мeksika 0 0 2 2
50 Täze Zelandiýa 0 0 1 1
50 Estoniýa 0 0 1 1
50 Ysraýyl 0 0 1 1
50 Kuweýt 0 0 1 1
50 Kot-d’Iwuar 0 0 1 1

 

 

Tokio-2020: Türkmenistan ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi