SPORT

Tokio-2020: 26-njy iýulda gazanylan medallar

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda 26-njy iýulda sportuň köp sanly görnüşi boýunça medallaryň 21 toplumy ugrunda çekeleşikli bäsleşikler geçirildi. Käbir ýurtlaryň özüniň ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan bolsa, käbir ýurtlaryň türgenleri şu Olimpiýa oýunlarynda öz döwletine ilkinji medallary gazandyrdy.

Filippinlerden agyr atletika boýunça zenanlaryň arasyndaky 55 kg çenli ýaryşda Hidilin Dias ýurdunyň ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy. Skeýtbording ýaryşynda bolsa 13 ýaşly ýapon Momidzi Nisiýa altyn medal gazanyp, Tokio Olimpiýa oýunlarynyň iň ýaz medal gazanan türgeni boldy.

Medallaryň bäsleşiginde 8 altyn medal bilen Ýaponiýa birinji, 7 altyn medal bilen ABŞ ikinji, 6 altyn medal bilen Hytaý 3-nji orny eýeleýär. Russiýanyň ýygyndysy şu günki şowly çykyşy bilen altyn medallarynyň sanyny 4-e çykaryp, medallaryň umumy sanawynda hem 4-nji orny eýeledi.

  1. Sport ginmastikasy

Russiýanyň ýygyndysy 1996-njy ýyldan soňra ilkinji gezek toparlaýyn esasda altyn medalyň eýesi boldy.

Erkeklerde

Russiýa – altyn

Ýaponiýa – kümüş

Hytaý – bürünç

  1. Suwa sinhronly bökmek

Erkekler 10 metr belentlikden

Tomas Deýli- Mettýu Li (Beýik Britaniýa) – altyn

Çen Aýsan-Sao Ýuan (Hytaý) – kümüş

Aleksandr Bondar – Wiktro Minibaýew (Russiýa) – bürünç

  1. Gylyçlaşmak

Zenanlar (sabl)

Sofiýa Pozdnýakowa (Russiýa) – altyn

Sofýa Welikaýa  (Russiýa) – kümüş

Manon Brýune (Fransiýa) – bürünç

Erkekler (rapira)

Çun Ka Long (Gonkong) – altyn

Daniele Garosso (ItaliýaИ) – kümüş

Aleksandr Çupeniç (Çehiýa) – bürünç

  1. Tekwando

Erkekler (80 kg çenli)

Maksim Hramsow (Russiýa) – altyn

Saleh El-Şarabati (Iordaniýa) – kümüş

Toni Kanaet (Horwatiýa) – bürünç

Seýf Eýssa (Müsür) – bürünç

Zenanlar (67 kg çenli)

Matea Eliç (Horwatiýa) – altyn

Loren Uilýams (Beýik Britaniýa) – kümüş

Rut Gbagbi (Kot-d’Iwuar) – bürünç

Hedaýýa Wahba (Müsür) – bürünç

6.Triatlon

Erkekler

Kristian Blýummenfelt (Norwegiýa) – altyn

Aleks Ii (Beýik Britaniýa) – kümüş

Haýden Wilde (Täze Zelandiýa) – bürünç

  1. Suwda ýüzmek

100 m (batterflýeý)

Margaret Maknil (Kanada) – altyn

Ç1an Ýuýfeý (Hytaý) – kümüş

Emma Makkeon (Awstraliýa) -bürünç

400 m, erkin stil

Ariarne Titmus (Awstraliýa) – altyn

Ketlin Ledeki (ABŞ) – kümüş

Li Binsze (Hytaý) – bürünç

Erkekler 100 m (brass)

Adam Piti (Beýik Britaniýa) – altyn

Arno Kamminga (Niderlandlar) – kümüş

Nikolo Martinengi (Italiýa) – bürünç

100 m, erkin stil, estafeta

ABŞ – altyn

Italiýa – kümüş

Awstraliýa – bürünç

  1. Skeýtbording

Zenanlar (Strit)

Momidzi Nisiýa (Ýaponiýa) – altyn

Raýssa Lil (Braziliýa) – kümüş

Funa Nakaýami (Ýaponiýa) – bürünç

  1. Ok atmak

Zenanlar (Skit)

Ember Ingliş (ABŞ)  -altyn

Diana Bakosi (Italiýa) – kümüş

Men Weý (Hytaý) – bürünç

  1. Welosiped

Mauntinbaýk (dagly ýolda welosiped sürmek)

Erkekler

Tomas Pidkok (Beýik Britaniýa) – altyn

Matias Flýukiger (Şweýsariýa) – kümüş

Dawid Walero (Ispaniýa) – bürünç

  1. Ok atmak

Erkekler (Skit)

Winsent Henkok (ABŞ) – altyn

Ýesper Hansen (Daniýa) – kümüş

Abdulla Al-Raşidi (Küweýt) – bürünç

  1. Küreklemek

Erkekler – ýekelikde

Benýamin Sawşek (Sloweniýa) – altyn

Lukaş Rogan (Çehiýa) – kümüş

Sideris Tasiadis (Germaniýa) – bürünç

  1. Ýaýda ok atmak

Erkeklet – toparlaýyn

Günorta Koreýa – altyn

Taýwan – kümüş

Ýaponiýa – bürünç

  1. Dzýudo

Zenanlar (57 kg çenli)

Nora Gýakowa (Kosowo) – altyn

Sara-Leoni Sizik (Fransiýa) – kümüş

Sukasa Ýosida (Ýaponia) – bürünç

Jessika Klimkeýt (Kanada) – bürünç

Erkekler (73 kg çenli)

Seheý Ono (Ýaponiýa) – altyn

Laşa Şawdatuaşwili (Gruziýa) – kümüş

Send-Oçir Sogtbaatar (Mongoliýa) – bürünç

An Çhan Rim (Günorta Koreýa) – bürünç

  1. Stoluň üstünde oýnalan tennis

Garyşyk jübütler

Ýaponiaý – altyn

Hytaý – kümüş

Taýwan – bürünç

  1. Agyr atletika

Zenanlar (55 kg çenli)

Hidilin Dias (Filippinler) – altyn

Lýao Sýýun (Hytaý) – kümüş

Zilfiýa Çinşanlo (Gazagystan) – bürünç

 

Tokio-2020: Russiýa ikinji we üçünji altyn medalyny gazandy

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri