JEMGYÝET

Tokaýew: Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny goldaýarys

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ilki bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýän köptaraply gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we oňyn depginini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly, howpsuz ösüşini üpjün etmekdäki umumy maksatlarymyzy ilerletmekde Siziň ägirt uly şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, diplomatiýanyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň merkezi hökmünde Aşgabadyň ýokary derejesini pugtalandyrmak babatda Siziň öňbaşçylyk ediji ornuňyzy we öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Siziň tagallalaryňyz esasynda ýurduňyz sebitde we onuň çäklerinden daşarda hem ynanyşmaga, özara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän jogapkärli hyzmatdaşyň nusgasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Siziň döredijilikli başlangyçlaryňyz dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýän möhüm ähmiýetli bu taryhy çözgüt, hakykatdan-da, şanly waka bolmak bilen, ýurduňyzyň daşary syýasatynyň ýokary netijeliligini görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen Konsepsiýa Siziň döwletiňiziň ählumumy howpsuzlygyň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, durnukly ösüşiň möhüm gymmatlyklaryna berk ygrarlydygyny beýan etmek bilen, ählumumy we sebit bähbitlerini sazlaşykly utgaşdyrýar, wajyp meseleleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmäniň nusgasyny görkezýär.

Ählumumy wehimleriň barha artýan şertlerinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolup, diňe parahatçylygy, ynanyşmagy, raýdaşlygy berkitmek arkaly ähli halklaryň abadançylygyna hem-de gülläp ösüşine esaslanýan geljegi gurmagyň mümkindigini dünýä jemgyýetçiligine ýatladýar. Parahatçylygyň umumy gymmatlyklaryna daýanmak, köpasyrlyk dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk ygrarly bolmak bilen, Gazagystan geljekde-de ählumumy ösüş bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlara ýetmekde Türkmenistany hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardyr.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size giň gerimli başlangyçlaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini hem-de doganlyk türkmen halkynyň rowaçlygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine gönükdirilen jogapkärli döwlet işiňizde täze belent sepgitlere ýetmegiňizi tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Ilçi Demirok: Türkiýe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp wezipesine girişdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary başlandy

BMG-niň baş binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berildi

RESMI HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi