JEMGYÝET

Tokaýew: Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly möhüm ähmiýete eýedir

Şu gün Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl Sammiti geçirildi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça bu sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Dürli ugurlardkay hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylan sammitinde GDA guramasyna başlyklyk edýän Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Toakýew hem çykyş etdi.

Gazak Lideri öz çykyşynda söwda ulgamyndkay hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine üns çekdi. Kasym-Žomart Tokaýew ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady üçin täze gurallaryň döredilmeginiň zerur bolup durýandygyny belledi.

Tokaýew GDA-nyň çäklerinde ulag-logistika taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda belläp geçmek bilen, “Demirgazyk-Günorta” halkara geçelgesiniň, onuň esasy şahasy hökmünde çykyş edýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Bu halkara ulag gçelgesi Russiýa üçin hem bähbitli we amatly ugurlaryň birine öwrüldi. Soňky döwürde Russiýanyň RŽD kompaniýasy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň üsti bilen “Demirgazyk-Günorta” halkara geçelgesiniň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmakda uly tagalla edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär