DÜNÝÄ

Tokaýew Donald Trampyň çakylygy bilen Dawosa barar

22-nji ýanwarda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy bilen Parahatçylyk Geňeşiniň düzgünnamasyna gol çekmek dabarasyna gatnaşmak üçin Dawosa iş saparyny amala aşyrar.

Ýatladyp geçsek, Kasym-Žomart Tokaýew Gaza üçin döredilýän Parahatçylyk Geňeşiniň düzümine girmek barada Donald Tramptan resmi çakylyk aldy, şeýle hem Gazagystana esaslandyryjy döwletleriň biri bolmak teklip edildi.

Gazagystanyň Prezidentiniň kömekçi metbugat sekretary Ruslan Želdibaýyň habar bermegine görä, muňa jogap hökmünde gazak Lideri ABŞ-nyň Prezidentine hat iberip, çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de bu täze birleşigiň düzümine girmäge razylygyny tassyklady.

Tokaýew Gazagystanyň Ýakyn Gündogarda durnukly parahatçylygy gazanmaga, döwletleriň arasynda ynamy berkitmäge we global durnuklylygy üpjün etmäge öz goşandyny goşmaga çalyşjakdygyny tassyklady.

Şol bir wagtda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 300-den gowrak döwlet wezipesindäki adamdan we administrasiýa işgärlerinden ybarat wekiliýet bilen Dawosda geçirilýän Bütindünýä Ykdysady Forumyna gatnaşmak üçin bardy.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk