JEMGYÝET

Tohumlyk sygyr auksionda satyldy

Poş Spaýs atly tohumlyk sygyr Angliýanyň Şorpşir graflygynda gurnalan söwda satuwynda 262 müň funt-sterlinge (360 müň dollar) satyldy. Bu sygyr “Spice Girls” toparynyň agzalarynyň biriniň hormatyna Poş Spaýs diýlip atlandyrylypdyr.

Sygyryň ýokary bahasy adaty bolmadyk “Limuzin” tohumy bilen baglanyşykly, ýöne seleksionerler üçinem bu baha garaşylmadyk ýagdaýda boldy. Şeýle tohumly sygyryň biri iň soňky gezek 2014-nji ýylda, takmynan 131,2 müň funt sterlinge satylandygy hasaba alyndy.

Sygyryň eýesi Kristin Uilýams özüniň sygyrlaryny “Spice Girls” toparynyň agzalarynyň hormatyna atlandyrmagy özboluşly däbe öwrüpdir. Poş Spaýs sygyryň ejesi Jinjer Spaýs diýlip atlandyrylypdyr. Jinjer Spaýs Şotlandiýanyň Balmoral şäherinde sygyrlaryň sergisinde 3 gezek owadanlygy boýunça baş baýragyna mynasyp bolupdyr.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy