SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-sy sowgat edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz şol saparynyň çäklerinde “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezine bardy.

Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, döwletimiziň çagalaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň saglygyny goramak we berkitmek barada hemişe alada edýändigini, bu ýörelgeleriň bolsa, döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz biz bu maksatlar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys diýip aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şol gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek hakynda karara gelendigini aýdyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny degişli halkara talaplara laýyklykda hünärmenler, derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigini belledi.

Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda gysga wagtyň içinde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri, ýöriteleşdirilen klinikalar, şypahanalar guruldy. Şunuň esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş infrastrukturasyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hatarynda welaýatda bina edilýän saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň — 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň möhüm orun eýelejekdigini aýtdy. Şeýle hem sebitde ekologiýa meselelerine uly üns berilýändigi bellenildi, munuň özi ilatyň saglygyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.

 

DaÅŸogzuň “Türkmeniň ak öýi” binasy açyldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy