SPORT

Timo Werner “Çelside” oýnamakçy

Germaniýanyň “Leipsig” toparynyň futbolçysy Timo Werner bilen gyzyklanýan toparlaryň sany barha köpelýär. Onuň bilen Angliýanyň “Liwerpul” topary hem has köp gyzyklanma bildirýärdi. Emma nemes futbolçysy Angliýanyň “Çelsi” toparynda oýnamakçydygyny mälim etdi.

Germaniýanyň “Bild” gazetiniň habar bermegine görä, Timo Werneriň futbol ýoluny Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň ýerine “Çelsi” toparynda dowam etdirmäge meýillidigini mälim edendigi bellenildi.

24 ýaşly futbolçynyň häzirki “Leipsig” topary bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylda tamamlanýar. Futbolçynyň 15-nji iýuna çenli belli karara gelmelidigi aýdylýar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi