SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlar her gün amala aşyrylar

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy  2023-nji ýylyň mart aýyndan başlap Türkmenistan ugurly adaty uçar gatnawlary gündelik ýerine ýetirmäge başlar.

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyna gelip gowşan täze maglumata görä,  awiakompaniýa 26-njy martdan başlap Stambul — Aşgabat — Stambul ugruna ýolagçy uçar gatnawlaryny her gün ýerine ýetirer.

Awiakompaniýanyň ýolagçy uçary her gün ýerli wagt bilen sagat 20:40-da Stambuldan uçup, Aşgabadyň Halkara howa menziline 02:20-de gelip gonar. Aşgabatdan yzyna günde 03:10-da uçjak ýolagçy uçary Stambul şäherine 05:20-de barar.

Stambul — Aşgabat — Stambul ugruna (iki ugra) awiapetekleriň bahasy minimal tarf 604 amerikan dollaryndan ybarat bolar.

26-njy martdan bolsa, Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça uçar gatnawlary ýatyrylar.

Awiakompaniýanyň Aşgabatdaky täze şahamçasy Garry Kulyýew köçesiniň ugrundaky «Ussat» binasynda ýerleşýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, türk awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça 4 gatnaw, Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça 2 gatnaw amala aşyrýar. Umumylykda, bu kompaniýanyň Türkmenistan ugry boýunça häzirki wagtda hepdelik gatnawlarynyň sany 6-a deňdir.

Türkiýe gitmek üçin wiza düzgüniniň girizilen döwründen bäri Türkmenistan raýatlarynyň ýüzlerçesi gelmek isleýän maksatlaryna laýyk wiza alyp Türkiýä gelip gidýärler.

Wiza almak we bular bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumatlary saýtymyzdan we You Tube kanalymyzdan tapyp bilersiňiz.

Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän “Makul Hyzmat” Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigiňizi ýatlatmak isleýäris. 

Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com 

Ýene-de okaň

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri