Türkiýäniň “Türk Hava Ýollary” (THY) awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça uçuş maksatnamasyny ep-esli artdyrandygyny yglan etdi. 2026-njy ýylyň 29-njy martyndan başlap, her iki ugur boýunça gatnawlaryň sany hepdede 17-ä çenli ýokarlandy we bu meýilnama 25-nji oktýabra çenli güýjünde galar.
Täzelenen tertibe görä, THY her gün iki ugur boýunça dört gatnawy (TK 322–325) amala aşyrar. Şeýle hem sişenbe, anna we ýekşenbe günleri ýene iki sany goşmaça gatnaw (TK 320 we TK 321) goşular. Şunlukda, awiakompaniýa belli günlerde Aşgabatdan üç we Türkmenistanyň paýtagtyna üç gonuş mümkinçiligini üpjün eder.
Uçuşlar awiakompaniýanyň häzirki zaman uçarlar parky arkaly amala aşyrylar, bu bolsa syýahatçylar we işewürler üçin ýokary derejeli amatlylygy kepillendirýär. Stambul dünýäniň ýüzlerçe nokadyna birikdiriji merkez bolmagynda galýar, Aşgabat bolsa halkara gatnaşyklary üçin goşmaça mümkinçilikler alýar.
Kompaniýa bu karary Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýahatçylyk isleginiň artmagy bilen düşündirdi. Gatnadyjynyň wekilleri maksatnamanyň giňeldilmeginiň diňe bir syýahatçylyk däl, eýsem iki ýurduň arasyndaki ykdysady we medeni gatnaşyklary hem berkitjekdigini nygtadylar.
Ýolagçylara petekleri “Türk Hava Ýollary” awiakompaniýasynyň resmi web saýtyndan ýa-day akkreditirlenen agentliklerden öňünden sargyt etmek maslahat berilýär. Häzirki wagtda uçuş tertibini awiakompaniýanyň saýtyndan barlap bilersiňiz — uçuş wagtlarynda az-kem üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin.
