SPORT

“The Best” baýragynyň eýesi – Lionel Messi

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyne gowşurylýan “The Best” baýragynyň eýesi boldy. Oňa bu baýragyny FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino gowşurdy.

Katardaky dünýä çempionatynda çempion bolmagy başaran Messi bu baýragy gazanmak üçin fransuz futbolçylar Kilian Mbappeden we Karim Benzemadan öňe saýlandy.

Messi bu baýragy gazanmak üçin 52 utuk jemledi. Kilian Mbappeniň utugynyň sany 44, Benzemanyňky bolsa 34-e deň boldy.

Şeýlelikde, Messi FIFA tarapyndan bu baýraga ikinji gezke mynasyp boldy. Ol bu baýragy ozal 2019-njy ýylda gazanypdy.

Messi bilen bir hatarda Kristiano Ronaldo (2016.2017) we Robert Lewandowski (2020, 2021) bu baýragy 2 gezek gazanan futbolçylardyr.

Lionel Messi baýrak gowurylyş dabarasynda eden çykyşynda bu baýragy gazanmak özi üçin uly bagt we abraýdygyny belledi.

– Benzema we Mbappe hem örän gowy ýyl geçirdiler. Öz topardaşlayrma minnetdarlyk bildirýärin. Skaloni we Emiliano hem bu ýerde. Biz bir topara wekilçilik edýäris. Bu baýrak – biziň hemmämize berlen baýrakdyr. Biz Katarda ynanyp bolmajak üstünligi gazandyk.

Geçen ýyl örän gyzykly ýyl boldy. Men uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetimiň netjesinde, öz arzuwyma ýetdim. Muny her bir futbolçy arzuw edýär. Ýöne hemmeler muny başarmaýar. Ähli argentin halkyna özümiň minnetdarlygymy bildirýärin. Bu dabarany teleýaýlymda tomaşa edip oturan çagalaryma howaýy posa iberýärin. Ýatmak wagty geldi – diýip, Messi öz çykyşynda belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady