SPORT

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen Kubok bäsleşiginiň ilkinji ýarym finalynda “Şagadam” hem-de “Aşgabat” toparlary meýdana çykdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 1:0 hasabynda “Şagadam” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ikinji ýarym finalda “Arkadag” topary “Ahaldan” 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde 12-nji martda geçiriljek final duşuşygynda “Şagadam” bilen “Arkadag” toparlary duşuşarlar.

3-nji orun ugrundaky duşuşykda bolsa “Ahal” bilen “Aşgabat” toparlary güýç synanyşarlar.

11-nji martda Kubok bäsleşiginde 5-6-njy hem-de 7-8-nji orunlar ugrundaky duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem ýatladýarys.

5-nji orun ugrunda “Köpetdag” bilen Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) meýdana çyksalar, 7-nji ornuň ykbaly “Nebitçi” bilen “Merw” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlener.

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi