TEHNOLOGIÝA

“Tesla” dünýäde iň iri elektromobil öndürijisi derejesini ýitirdi

“Tesla” kompaniýasy dünýäde iň köp elektromobil satýan öndüriji diýen derejesini ýitirdi. ABŞ-da alyjylar üçin salgyt ýeňillikleriniň bes edilmegi we daşary ýurtlarda güýçli bäsdeşlik sebäpli kompaniýanyň satuwy eýýäm ikinji ýyl yzygiderli peselýär. Bu barada “Associated Press” agentligi habar berýär.

Dünýä belli işewür Ilan Maksyň ýolbaşçylyk edýän “Tesla” kompaniýasy 2025-nji ýylda müşderilerine 1,64 million awtomobil iberdi we bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9% azdyr.

2025-nji ýylda 2,26 million awtomobil satan Hytaýyň “BYD” kompaniýasy häzirki wagtda dünýäde iň iri elektromobil öndürijisine öwrüldi.

Bu awtokompaniýa üçin geň galdyryjy öwrülişik boldy, sebäbi bir wagtlar “Tesla”-nyň ösüşi saklanyp bilinmejek ýaly görünýärdi: kompaniýa has uly serişdeleri bolan däp bolan awtoöndürijileri yzda galdyryp, Maskyň dünýäniň iň baý adamy bolmagyna hem ýardam edipdi.

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy