SPORT

Tennisiň şasy Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaýar

Karýerasynda 20 gezek uly tennis ýaryşlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligine eýe bolan dünýä belli şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer dyzyndan şikes alandygy sebäpli Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmejekdigini habar berdi.

Federer “Twitter” jemgyýetçilik torundan beren maglumatyna görä, soňky gezek gatnaşan we çärýek finalda ýaryşdan galan Uimbledon tennis ýaryşynda dyzyndan şikes alandygyny mälim etdi. Ol “Şonuň üçin men Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmerin. Munuň üçin men gaty gynandym. Olimpiýa oýunlaryna wekilçilik etmek meniň üçin mertebedir” diýip belledi.

Lukmançylyk bejergisine başlandygyny mälim eden 39 ýaşly türgen erkekleriň arasynda ýekelikde dünýä sanawynda 9-njy orunda durýar.

Federer 2008-nji ýylda geçirilen Pekin Olimpiýa oýunlarynda jübütlerde altyn medal, 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bolsa erkekleriň arasynda kümüş medal gazanypdy.

 

Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan gatnaşjak türgenler belli boldy

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi