JEMGYÝET

Telefon söhbetdeşligi: Türki döwletleri guramasynyň sammiti maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar şu hepdäniň ahyrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň möhüm meselelerine garaldy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň duşuşyklarynyň we çäreleriniň netijelerine ýokary baha berdiler.

Ylalaşylan şertnamalaryň we gol çekilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, şol sanda işjeň parlamentara gatnaşyklary we alyş-çalyşlary dowam etdirmegiň ähmiýeti bellendi.

Şeýle hem şu hepdäniň ahyrynda Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletleri guramasynyň sammitiniň gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi