TEHNOLOGIÝA

Tehnologiýa bazarynda “DeepSeek” täsiri: “Nvidia”-nyň bazar bahasy 500 milliard dollar pese gaçdy

Hytaýyň “DeepSeek” başlangyjynyň az çykdajy bilen we has az çip ulanyp işläp düzen soňky emeli intellekt modeli, global tehnologiýa bazarynda uly täsirini döretdi. Bu modeliň ýakyn wagtda bütin dünýäde giňden ulanylmagy, tehnologiýa aksionerlik bazarlarynda uly peselmelere sebäp boldy. ABŞ-nyň çip öndürijisi “Nvidia”, bu ýagdaýdan iň köp zyýan çeken kompaniýalaryň biri boldy.

“DeepSeek” modeli: Global täsir
“DeepSeek”-iň täze emeli intellekt modeli, beýleki halkara bäsdeşlerine, şol sanda “Google” we “OpenAI” ýaly kompaniýalara garanyňda has gysga wagtda we pes çykdajy bilen işlenip düzüldi. Bu model, emeli intellekt programmalarynyň arasynda iň köp göçürilen programmalar sanawynda, ABŞ merkezli “ChatGPT”-ni geçdi.

Hytaýyň bu täze emeli intellekt modeliniň çykmagy, aýratyn-da ABŞ we beýleki günbatar ýurtlarynyň tehnologiýa pudagyndaky dominasiýasyna şübhe döredip, bu ugurda edilen uly maýa goýumlaryň täsirini sorag astyna aldy.

“Nvidia”-nyň bazar bahasyndaky ýitgi
Şenbe güni 142,62 dollardan satylan “Nvidia” paýnamalarynyň bahasy duşenbe güni 117,26 dollara çenli pese gaçdy. Bir günde paýnamalaryň bahasy takmynan 18% peseldi. Bu ýagdaý, kompaniýanyň bazar bahasynyň 500 milliard dollardan gowrak azalmagyna getirdi.

“Nvidia”-nyň paýnamalarynda şeýle uly düşüş soňky gezek mart aýynda 2020-nji ýylda bolupdy. Kompaniýanyň bazar bahasyndaky pese gaçyş, ABŞ-nyň birža taryhynda iň uly günlük pese gaçyş hökmünde hasaba alyndy.

“Nvidia”-nyň dünýä derejesindäki orny üýtgeýär
“Nvidia”-nyň bazar bahasy 3 trillion dollaryň aşagyna düşdi we bu ýagdaý kompaniýanyň dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň sanawynda ikinji ýerden üçünji ýere düşmegine sebäp boldy.

“DeepSeek”-iň tehnologiýa pudagyndaky täsiri we az çykdajyly çözgütleri, global bazarda uly üýtgeşmelere sebäp bolup, tehnologiýa dünýäsi üçin täze döwri alamatlandyrýar.

Ýene-de okaň

Norwegiýa ilkinji bolup doly elektrikli ulaglara geçip biler

Tramp: “Microsoft” kompaniýasy “TikTok” bilen gyzyklanýar

Ata Watan Eserleri

Hazar deňzi boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk kabeli çekiler

Hytaýyň “DeepSeek” emeli intellekt modeli täzelik döretdi

Dünýäniň iň uly maglumat merkezi Hindistanda gurlar

“Türkmenpoçta” aragatnaşyk kompaniýasy Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdiriler