ABŞ-da ýerleşýän çip öndürijisi “Intel” kompaniýasy, dünýädäki tehnologiki enjamlaryň we awtoulaglaryň önümçiligine täsir eden çip krizisi barada beýanat berdi. Ýerine ýetiriji müdir Pat Gelsinger, çip krizisiniň 2023-nji ýyla çenli dowam etjekdigini aýtdy.
Dünýädäki iň uly çip öndürijilerinden biri bolan “Intel”, geçen ýyl dünýädäki önümçilik proseslerine täsir eden çip krizisi barada beýanat berdi. Düýbi ABŞ-da ýerleşýän kompaniýa “Covid-19” -yň global üpjünçilik zynjyryna täsiriniň hemişelik boljakdygyny duýdurdy.
“Intel” -iň baş direktory Pat Gelsinger “Isleg ýylyň dowamynda 20 göterim ýokarlandy” -diýdi. Gelsinger: “Islegiň ýokarlanmagyna jogap bermek üçin bu kuwwaty ösdürmek üçin wagt gerek” -diýdi we bu ýagdaýyň 2023-nji ýyla çenli dowam etjekdigini duýdurdy. “Covid-19” pandemiýasy sebäpli bozulan prosesleriň netijesinde dünýä geçen ýyl uly çip krizisine sezewar boldy.
Noutbuklaryň, jübi telefonlarynyň we awtoulaglaryň üpjünçiligi, çip krizisi we ähli tehnologiki enjamlarda ýarymgeçirijileriň zerurlygy sebäpli “Internet of Things” (IoT) enjamlaryna bolan islegiň artmagy bilen uly täsir etdi.
Dünýäniň iň uly çip öndürijilerinden biri bolan “Intel” kompaniýasy, çip krizisini çözmek üçin täze infrastruktura, şol sanda Malaýziýada 7,1 milliard dollarlyk täze desga üçin 20 milliard dollardan gowrak maýa goýdy.
Gelsinger täze zawodlarda önümçilige başlamak üçin ýene üç ýyl gerek boljakdygyny aýtsa-da, çip ýetmezçiliginiň azyndan 2022-nji ýylyň ahyryna çenli dowam etmegine garaşýan AMD-iň baş direktory Anna Su-nyň pikirleri bilen ylalaşýandygyny aýtdy.
Şeýle hem “Apple” global çip krizisi sebäpli önümçilik maksatlaryna ýetip bilmejekdigini duýrupdy. Kompaniýanyň yglan edileninden 10 million az telefon öndürjekdigi mälim edildi. Bu habardan soň “Apple” -iň we oňa çip öndürýän kompaniýalaryň paýnamalary pese gaçypdy.
“Toyota Motor” kompaniýasy hem dünýäde önümçiligiň ilkinji pese gaçmagyny başdan geçirdi. Bölekleriň ýetmezçiligi we ýarymgeçiriji çip üpjünçiligi ýetmezçiligi ýüze çykdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa iş sapary başlandy