Bosagada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly — 2026-njy ýyl dur. Hemmäniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu şadyýan baýramçylygy ildeşlerimiziň ählisiniň kalbyna aýratyn ýakym, ýalkym, ruhubelentlik paýlaýar. Çünki «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýlip yglan edilen ýylymyz şanly wakalara, beýik zähmet üstünliklerine baý ýyllaryň biri bolup, bagtyýar zamanamyzyň taryhynda aýratyn yz galdyrdy. Milli medeniýete, edebiýata bagyşlanan ýylymyzda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň rowaçlyklarynyň binýadydyr. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmak ugrundaky özgertmeler we alnyp barylýan sazlaşykly işler bagtyýar döwrümiziň täze ösüşlerine şaýatlyk edýär.
Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlaryny, çykyşlary taýýarlapdyrlar.
Tamamlanyp barýan ýylda ykdysadyýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi, oba hojalygy, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, gurluşyk, medeniýet, sungat ulgamlarynda belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistan özüniň halkara abraýyny has-da belende galdyryp, dünýä derejesinde oňyn başlangyçlary öňe sürýän parahatçylyk dörediji döwlet, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ajaýyp jemlenmesine öwrülen Aşgabatdaky halkara forum türkmen döwletiniň abraýyny has-da belende galdyrdy.
Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Bu gün ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ertekiler şäherjigini Täze ýyl baýramynyň şowhuny gurşap aldy, meýdançanyň köpöwüşginli bezegi, bu ýerde ýaňlanýan aýdymdyr sazlar onuň şowhunyny has-da artdyrýar.
Täze ýyl baýramy dünýä halklarynyň iň söýgüli we giňden bellenilýän baýramlarynyň biri bolup, ol täze umytlaryň, täze başlangyçlaryň we ak arzuwlaryň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, şeýle baýramlaryň hatarynda päk arzuwlary, ýagşy umyt-arzuwlary dabaralandyrýan Täze ýyl baýramy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Mähriban halkymyz belent ösüşleri, rowaçly menzilleri nazarlap gelýän Täze – 2026-njy ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylaýar. Bu babatda ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlarynyň, azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilip, halk köpçüligine ýokary hilli baýramçylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden şan-şöhratly wakalary özünde jemlän, şatlyga we buýsanja beslenen 2025-nji ýyly arka atar.
Täze ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant bolan başlangyçlar diýseň köp boldy.
Täze ýyl agşamy türkmen maşgalalary üçin iň mähirli we ýyly pursatlaryň biridir. Maşgalanyň ähli agzalary bir saçagyň başyna jemlenip, birek-birege ýagşy arzuwlaryny aýdýarlar. Saçaklarda milli tagamlar bilen birlikde döwrebap naharlar hem bolýar. Bu gijede agzybirlik, hormat we mähir ýaly gymmatlyklar has-da aýdyň duýulýar.
Täze ýyl — täze başlangyçlaryň nyşanydyr. Eziz Diýarymyzda Täze ýyl parahatçylyk, ösüş, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuwlary bilen garşy alynýar. Her bir adam Täze ýylyň öz durmuşyna gowulyk, saglyk we rowaçlyk getirmegine umyt edýär.
Ata Watanymyzda Täze ýyl baýramy halky birleşdirýän, şatlyk paýlaýan we geljege ynam döredýän ajaýyp senedir. Bu baýram adamlaryň kalbyna nur, öýlerine bereket, ýurduna bolsa parahatçylyk arzuwlaryny alyp gelýär. Täze ýylyň şatlygy her bir ynsanyň durmuşynda täze sahypany açsyn!
Belent rowaçlyklara beslenjek Täze – 2026-njy ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe batly gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, uly ýeňişler, şanly wakalar hemra bolsun. Ak arzuwlara beslenip geljek Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eýlesin, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun!
Aýgül Adaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň kitaphanaçylyk işi bölüminiň mugallymy.
