JEMGYÝET

Täze ýyladyşhanalar ulanmaga berler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde täze we döwrebap ýyladyşhanalar gurlup ulanmaga berler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

Hususan-da, häzirki wagtda bu ýyladyşhanalaryň ulanmaga berilmegine taýýarlyk görülýär. 25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde ýyladyşhananyň açylyş dabarasynyň maksatnamasy taýýarlandy. Bu desga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Şol gün sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky döwrebap ýyladyşhanalary işe girizmek meýilleşdirilýär.

Ýyladyşhanalaryň meýdany 35 gektara barabar bolup, olaryň kuwwaty ýylda 8750 tonna gök önümlerini öndürmäge niýtlenendir.

Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýyladyşhanalaryň gurluşygy tamamlanyp, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

2021-nji ýylda 2100 tonna pile taýýarlanar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine we Tailandyň Patyşasyna gynanç bildirdi

“Makul habar” elektron gazeti (44-sany)

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine nobatdaky iş sapary

Türkmenistanda 1-nji dekabrdan 200 manatlyk banknot dolanyşyga giriziler

Ata Watan Eserleri