ATAWATAN ESERLERİ

Täze ýyl ýatlamasy

Bu gyş meni senli ýatlamalara sary alyp gitdi. Täze ýylyň öňüsyrasynda bir iş bilen gutaryp gaýdan institutyma barmaly boldum. Maňa bilim beren mähriban ojak, balasyny höwürtgesinden durmuş ýoluna sary uçuran enä meňzeýärdi. Mähir doly gözleri bilen garaýan, öz çagasy deý eziz gören mähriban mugallymlarymyz hem asylly kärlerini dowam edip ýördüler. Talyplaryň bar ünsi sapaklaryndady. Gutaryp gaýdanyma sanlyja wagt bolan hem bolsa, institutymyzdan – mähriban ylym ojagymdan henizem örkümi üzesim gelenokdy. Gyş paslynyň arassa howasy,  mähriban institutym, maňa seniň bilen ilkinji tanyşlygymyzy ýatlatdy, senli oýlara batdym…

…Talyplyk ýyllarymyň dowam edýän günleridi. Institutymyzda geçirilýän baýramçylyk dabarasy üçin ýygnanyşypdyk. Talyplar özleri üçin niýetlenen ýere geçip oturdylar. Topardaşlarymyz bilen biz hem öz ýerimize baryp ýerleşdik. Yzymyzdaky hatarda oturan oglan bälçikligi bilen töwereginde oturan ýoldaşlaryna göwün göteriji sözleri gatyp, gyzykly bir zady gürrüň berýärdi. Baýramçylyk çäresi tamamlanan badyna, yzymyzdan eşidilýän şadyýan sesiň kimiňkidigini bilmek maksady bilen yzyma öwrüldim. Şol barmana-da yzda oturan ýüzüniň bir tarapy meňli, bugdaýreňk ýigit ünsümi özüne çekdi. Men her gün irden okuwa barýarkam, ýa okuwdan çykyp gelýärkäm şol ýüzi meňli oglana gabat gelýärdim. Ýöne onuň adynyň näme, haýsy fakultetde okaýandygyndan habarym ýokdy.

Bir gün okuwdan soň okuw jaýymyzyň kitaphanasynyň okalga zalyna bardym. Her gün okalga zalymyza gelip, çeper eser okamak meniň her günki edähedimdi. Men kitaphanaçydan Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanyny bermegini haýyş etdim. Az wagtdan kitaby elime aldym-da, okamak üçin oturgyja tarap ýöneldim. Niredendir bir ýerden ýaňky ýüzi meňli ýigit kitaphanada peýda boldy. Alçak ýigidiň kitaphana gelşini geň görüp seredip galypdyryn. Ýigit kitaphana gelşine Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanyny sorady. Kitaphanaçy bolsa soralan kitapdan iň soňkusyny meniň okamaga alandygymy aýtdy. Ýigit, maňa tarap nazar aýlap, birsellem seredip durşuna gep goşdy: “Salam, bagyşlaň! Okap oturan kitabyňyzy bolanyňyzdan soň maňa okamaga beräýiň” diýip, ýüzüme dikanlap seretmäge utanýan ýaly, täze gelen gazetlere gözüni aýlamaga durdy. Men oňa «bolýa» diýen manyda baş atdym-da, kitaby okamaga başladym. Dessanyň içindäki wakalar, ajaýyp ýazylan goşgular okadygymça meni özüne bendi edýärdi. Öňler bir eseri bir hepdäniň, on günüň dowamynda okaýan bolsam, bu dessanyň iki günüň içinde doly soňuna çykypdym. Geň ýeri, ilki görenimde alçaklygy  bilen töweregindäkileriň ünsüni özüne çekip duran ýigit her gezek gabatlaşanymda öňküsinden agraslaşýan ýalydy. Ýüzi meňli bu ýigit indi her gün kitaphana gatnaýardy. Her gezek hem meniň ýanyma gelýärdi-de, kitap hem onuň täsirlidigi barada soraýardy. Bu tötänlikmi ýa-da ykbalyň sowgadymy, garaz biz indi her gün şol kitaphanada gabatlaşýardyk. Her gezek hem meniň bilen gürleşmäge bir delil tapýardy. Onuň her gün bu ýere gelmegi, nämedir bir zatlary bahanalap söz gatmagy mende-de nähilidir bir ýakymly duýgy oýarýardy. Dogrymy aýtsam, dessandaky söýgüli gyzyň ýerine hyýalymda özümi goýup okaýardym. Kitaby doly okap gutaranymdan soň, ony okamaga garaşýan ýüzi meňli ýigide gowşurmalydym. Şol pursat hiç ýadymdan çykanok, şeýle bir tolgunýardym, nähili ýagdaýda gowşurjagymy bilmän, ýüzüm lap-lap gyzýardy. Edil şol wagtam ýaňky ýigit pete-pet öňümde peýda boldy-da, adynyň Selimdigini, özüniňem menden bir ýyl kiçi toparda okaýandygyny, ýene köp zatlary aýdyşdyrdy.

Täze ýyl golaýlap gelýärdi. Okuw jaýymyzda Täze ýyla uly taýýarlyk görülýärdi. Şol gün hemmämiz Täze ýyl arçasynyň töwereginde jemlenişipdik. Talyp deň-duşlarymyň arasyndan gözlerim kimdir birini gözleýän ýalydy. Ýüregim gürsüldäp, onuň geljegine garaşýardy. Ynha, niredendir bir ýerden ýylgyrjaklap Selim geldi, gelşine-de: “Salam Maral, Täze ýylyň gutly bolsun!” diýip ýylgyrdy. Selimiň nazary nazaryma kaklyşandan, ýaňaklarym gyzaryp, gözlerimi başga ýana sowmaly boldum. Selim hem ýüzüni başga tarapa öwürdi-de, gürrüňini dowam etdi. Onuň “Hälden bäri seni gözledim, seni görenimdenem göni ýanyňa gaýtdym” – diýen sözleri gulagymda ýaňlanyp gitdi. Bu Täze ýyl meniň üçin iň bir ýatdan çykmajak, ýakymly ýatlamalara baý baýramçylygyň  biri boldy.

Ondan bäri ençeme Täze ýyl geçdi, pasyllar çalyşdy. Şondan soň her gün  institutymyzda geçirilýän dabaraly çärelere ikimiz gabatlaşardyk. Her gezek hem Selimiň maňa: “Seniň geljegiňe garaşyp durdum, seni gözläp tapdym” diýýän ýakymly sözleri kalbyma aram berýärdi.  Men şeýdip ýokary okuw jaýyny gutaryp, işe başladym, Selim bolsa okuw tejribeligini geçmek üçin daşary ýurda gidipdi. Üç aý tejribelikden dolanyp gelenden soň Selim bu Täze ýyly hem bile garşylamagymyzy haýyş etdi. Ýüzi meňli bu görmegeý ýigidiň teklibini kabul etdim. Täze ýyl arçasynyň ýanynda didarlaşmagy wada etdik.

Bu gün Täze ýylyň öň ýanynda okuw jaýymyza barmagym maňa ikimiziň ilkinji tanyşlygymyzy, geçen Täze ýyllary bu arçanyň ýanynda bile garşylaýşymyzy ýatlatdy. Ýetip gelen Täze ýyl bize täze pursatlary eçilsin! Ýakymly ýatlamalary bilen ykbalymyza öz nuruny saçjak Täze ýylyň täze gününe men sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn…

                                                                          Pälwan Begliýew, esger

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri