Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan ýurdumyza gelip gowşan “Ansat” kysymly şäher ilaty üçin niýetlenilen lukmançylyk maksatly täze we döwrebap dikuçar bilen tanyşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hormatly Prezidentimize täze gelip gowşan dikuçar barada hasabat berip, onuň şäheriň içinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirip, ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň içinde näsaglary eltmek üçin niýetlenendigini, tehniki we lukmançylyk taýdan zerur enjamlar bilen üpjün edilendigini aýtdy.
- Dikuçaryň içinde näsaga doly möçberde lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirer ýaly ähl mümkinçilikler bar.
- Ýörite enjamlaryň kömegi arkaly raýatyň beden agzalarynyň käbir lukmançylyk görkezijileri beýan edilýär.
- Bu enjamlaryň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil önümi bolup, dikuçaryň hereket ediş ýagdaýyna laýyklykda, ýagny, tehnikanyň titremesine, asmana göterilişine we beýleki häsiýetlerine görä taýýarlanandyr. Çünki olar sanly ulgam arkaly işleýän häzirki döwrüň kämil enjamlarydyr.
- Näsagy dikuçar arkaly gyssagly alyp gitmeli bolanda bu enjamlar beden agzalaryny zerur bolan kislorod ýa-da beýleki ulgamlar bilen doly üpjün edip bilýär. Munuň özi lukmanlaryň işini köp derejede ýeňilleşdirýär.
- Dikuçaryň içinde zerur bolan erginleri gyzdyrmak we sowatmak üçin degişli enjamlar bar.
- Dikuçaryň iň ýokary tizligi sagatda 275 kilometre, iň ýokary uçuş uzaklygy 510 kilometre barabardyr.
- Onuň ýere gonýan böleginiň goşmaça enjam bilen üpjün edilmegi bolsa, dikuçaryň dag eteklerine, gum we çöllük hem-de barmasy kyn bolan ýerlere gonmagyna mümkinçilik döredýär.
- Munuň özi bu dikuçaryň ýurdumyzda häzire çenli bar bolan şeýle dikuçarlardan tapawutly aýratynlygydyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary