SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze serhetara syýahatçylyk ugry Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer

Täze serhetara syýahatçylyk halkasy işlenip düzülip, ol Türkmenistany, Özbegistany (Horezm, Garagalpagystan) we Gazagystany öz içine alýar diýip, özbek metbugaty habar berýär.

Bu ugur Merkezi Aziýanyň dört sebitini birleşdirýär we syýahatçylara dürli medeni-maglumat maksatnamasynyň hödürlenilmegini üpjün edýär. Ony düzmek bilen Özbegistanyň Syýahatçylyk komiteti degişli guramalar we hususy pudak bilen bilelikde meşgullanyp, logistika we beýleki ugurlara aýratyn üns berdiler.

Syýahatçylara dürli ugurlar hödürlenýär: milli tagamlary dadyp görmek bilen gastronomik syýahatçylyk, tebigatyň özboluşly gözelligini görkezýän ekologiýa syýahaty, däp-dessurlara we hünärmentçilige aralaşmaga mümkinçilik berýän etnografik syýahatçylyk, şeýle hem mukaddes ýerler we taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk.

Bu ugruň çäginde ÝUNESKO-nyň dünýä mirasynyň 15-den gowrak desgasy we milli ähmiýetli ýadygärlikleri ýerleşýär, şolaryň arasynda:

Türkmenistan: gadymy Merw, “Derweze” gaz krateti, Köneürgenç;
Özbegistan – Horezm: Içan-gala we Daşan-gala;
Garagalpagystan: I. W. Sawiskiý adyndaky Döwlet muzeýi, Gyzyl-gala, Çilpyk-gala, Sulton Uwaýs Bobo, Toprak-gala, Aýaz-gala;
Gazagystan: Toryş jülgesi, Bozjyra jülgesi, Şakpak-Ata kümmeti, Şerkala dagy.

Täze ýol Merkezi Aziýanyň baý medeni, taryhy we tebigy mirasy bilen tanyşmak üçin özboluşly mümkinçilikler açýar. Ol syýahatçylara we köpçülikleýin toparlara-da niýetlenendir hem-de sebitde medeni we syýahatçylyk alyş-çalşygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär