PEÝDALY MASLAHAT

Täze “Okuwçy” nyrhnamasy ýola goýuldy

“Awtomobil ulag hyzmaty” AGPJ tarapyndan taksi hyzmatynyň täze “Okuwçy” nyrhnamasy ýola goýuldy. Bu nyrhnama boýunça hyzmatyň tölegi yglan edildi. Täze “Okuwçy” nyrhnamasy Türkmenawtoulaglary” Agentliginiň resmi web saýtynda bellenip geçilýär.

  1. Ýol nyrhy – her 1 kilometr üçin 2 manat;
  2. Ugruň 1 saparlyk sargyt tölegi – 7 manat;
  3. Ugruň iň pes nyrhy – 20 manat.

Taksileri gyssagly çagyrmak boýunça internet hyzmaty

Taksi hyzmatlaryny ýerine ýetiriji – “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Taksi hyzmatlaryny onlaýn usulynda sargyt etmek üçin ulanylýan “Taksi hyzmaty” programmasyny Play Market ýa-da App Store goşundysyndan müşderileriň enjamlaryna (Android ýa-da IOS) ýüklemek mümkünçiligi döredilen.

Bu programmany ýüklemek üçin internet saýtlaryň salgylary:

  

Bu programma arkaly gije-gündüziň islendik wagtynda müşderiler TAKSI sargydyny edip bilýärler. Sargyt edilende programma arkaly müşderä iň ýakyn bolan taksi awtoulagy iberilýär we bu awtoulagyň döwlet belgisi müşderä SMS iberilip, habar berilýär. Şeýle hem, sargyt ýerine ýetirilenden soň hyzmatlaryň bahasy baradaky maglumat müşderä SMS görnüşinde iberilýär. Şeýle-de “Taksi hyzmaty” programmasy müşderiň sargydyny başyndan soňuna çenli onlaýn şertlerinde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Taksi sargydy üçin tölegleri nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrmak mükinçiligi döredilen. Bu hyzmatlary ýerine ýetirilende bildirilýän talaplara laýyk gelýän döwrebap awtoulaglar ulanylýar.

Şeýle hem, müşderiler üçin: 76-05-0176-05-0276-05-03 belgilere jaň edip, gije-gündüziň islendik wagtynda TAKSI sargydyny etmek mükinçiligi döredilen.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasyny tassyklady

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Türkmenistan” awiakompaniýasy işe çagyrýar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny sosial mediada yzarlalyň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy