JEMGYÝET

Täze nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär orta mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Desga bu konserniň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Binanyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyplar gatnaşdylar.

Täze desganyň umumy meýdany 2 müň 927 inedördül metrden gowrakdyr. Binada ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, amaly okuwlary geçmek üçin döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň 16-sy ýerleşýär.

Täze okuw binasynda talyplar dört ugur boýunça: mehanika, senagat enjamlary, elektrik hem-de informasiýa we hasaplaýyş tehnikasy bilim alarlar. Umuman, mekdebiň düzümindäki bu täze okuw binasy 240 okuwça niýetlenendir. Bulardan başga-da täze desga talyplaryň 250 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny özünde jemleýär.

Häzirki wagtda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin geljekki hünärmenleriň 1 müň 900-si bilim alýar.

Diňe ugurdaş hünärler we sanly tehnologiýalar boýunça  okuw mekdebi her ýyl ýaşlaryň 700-sini kabul edýär. Şol ýaşlar 18 hünär boýunça bilim alýarlar.

Ýene-de okaň

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy

Türkmenistan Amerika täze ilçi belledi

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar