BIZNES

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ilatyň et, süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge, bar bolan binalaryň durkuny täzelemäge, goşmaça binalary we desgalary gurmaga, olara häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmaga, zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ýokary önüm berýän gara mallary satyn almaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de maldarçylyk fermasyny 2026-njy ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler