JEMGYÝET

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň  halkymyzy ýene bir ajaýyp eseri bilen serpaýlamagy il-ulsumyzyň begenjini, buýsanjyny goşalandyrdy. Türkmen  halkynyň  Milli  Lideriniň  «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň şatlykly wakalarynyň  üstüni  ýetirdi. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiz öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ömür pursatlaryna bagyşlanan bu kitabynyň özlerinde galdyran täsirlerini uly buýsanç bilen bellediler.

Sahawatlylyk, ýagşylyk etmek ýaly asylly häsiýetler ynsan ykbalyny many-mazmun bilen bezeýär. Pederlerimiz kimdir birine ýagşylyk edip begendirip bilmegi, zerur wagty birek-birege hemaýatyny ýetirmegi hikmetli ýol hasaplapdyrlar. Haýyr-sahawatyň ynsanyň berekedini artdyrýandygy, gazanjyňy ýagşy zada sarp edip, özgeleriň ykbalyny nurlandyryp  bilmegiň sogaply ýörelgelerdigi  pähimli  pikirlerde  ýaşaýar. türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ajaýyp eserinde ýagşy häsiýetleriň nesilleriň aň-paýhasyna täsir etmelidigi bilen baglanyşykly pikirleri rowaýatlaryň, taryhy şahsyýetleriň bitiren işleriniň üsti bilen baýlaşdyrylyp, beýan  edilýär.

Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda terbiýäniň gymmatly mirasdygy, döredijilik hem zehin başarnygynyň sungata hem tebigata söýginiň sazlaşygyndan  kemala gelýändigi dogrusyndaky paýhasly pikirler barada hem aýdyldy.

Ýene-de okaň

ALSA tarapyndan guramaçylykly geçirilen çäre: LL.M. karýerleri we J.D. geçiş paneli uly gyzyklanma döretdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi