MEDENIÝET

Täze kinofilm — «Istärin»

Ýakynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan kinorežissýor Arslan Eýeberdiýewiň Rahymberdi Annagulyýewiň ssenariýasy boýunça «Istärin» atly çeper kinofilm surata düşürildi.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan kinofilminde täze çemeleşmeler aýdyň şöhlelenýär. Kinofilmiň şowly çykmagynda operator Pälwan Geldiýewiň we sazyny ýazan Döwran Amandurdyýewiň-de mynasyp paýy bar.

Kinofilmde Magtymguly Pyragynyň dürli ýaşdaky keşbini Türkmenistanyň halk artisti Nury Allaberdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, Mekan Kurdow, Orazdurdy mugallymyň keşbini ýaş artist Annadurdy Täşliýew dagy ussatlyk bilen janlandyrýarlar.

Mugallymyň okuwçylar bilen Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüne gaýybana syýahat etmegi akyldaryň syrly dünýäsine taryhy taýdan göz ýetirmäge ýardam edýär. Kinofilmde Magtymgulynyň şygyrlarynyň many-mazmunyndan syzylyp çykýan pelsepeler ýaş nesliň aňyna türkmen durmuşynyň däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri esasynda kino sungatynyň üsti bilen ýetirilýär.

 

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda iş saparynda bolar

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi