SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze “COVID-19” dermanlary 95 ýurda iberiler

ABŞ-nyň “Pfizer” kompaniýasy  Derman öndürijiler kompaniýasy (MPP) bilen şertnama baglaşdy we şertnama laýyklykda “COVID-19” ýokanjyna garşy işläp düzen derman serişdesini  pes we orta girdejili ýurtlaryň 95-sine arzan bahadan ýerlemek göz öňünde tutuldy.

Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen metbugat beýannamasynda: “Dünýäde umumy derman serişdelerini öndürijiler dünýäniň takmynan 53 göterim ilatyny öz içine alýan 95 ýurda “Ritonavir”dermany bilen üpjün edip bilerler” -diýdi.

“Pfizer” kompaniýasynyň baş direktory Albert Burla “Biz “MPP” bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize diýseň şatdyrys” -diýdi.

Kompaniýa özüniň öndüren derman serişdesini ABŞ-nyň Azyk we Derman serişdelerine gözegçilik gullugynda tassyklatmak üçin hem ýüz tutdy. “Pfizer” kompaniýasy adaty dermanlar ýaly içilýän görnüşdäki “Covid-19” dermanyny diňe şu döwürde sanjym edilmedik adamlary bejermekde ulanmak üçin ýüz tutdy.

“Reuter” habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, täze derman bilen bejergi günde iki gezek kabul edilýän üç tabletkadan ybarat bolar. Agentligiň habaryna görä, “Pfizer” kompaniýasy ýylyň ahyryna çenli şeýle dermanyň 180000-den gowrak dozasyny öndürmegi maksat edinýär we indiki ýylda dozalaryň sanyny 50 milliona çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, “Pfizer” kompaniýasy ozal synag barlagyň birinji tapgyrynda dermanyň täsirlidigini mälim edipdi . Olaryň pikiriçe, täze derman koronawirusyň ilkinji alamatlary ýüze çykanda ýa-da wirus ýokaşan adam bilen hassahana ýerleşdirilmezden zerur bolan ýagdaýynda kabul edilip bilner.

 

Türkmenistan bilen FAO hyzmatdaşlygynda täze döwür

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!