TEHNOLOGIÝA

Täze Chrome Browser goşundysy : Makul Sözlük

Kompýuterlerde Chrome Browser ulanýanlar üçin 2021-nji ýyla giren şu günlerimizde hoş habar gelip gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň ahyrynda, has takygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan Türkmen we Iňlis dillerinde “gepleýän” ilkinji akylly sözlük-Makul Sözlük (www.makulsozluk.com) taslamasy durmuşa geçirilipdi.  Makul Sözlük taslamasyny esaslandyryjylar bu Sözlügi Kompýuterlerdäki  Chrome Browserde ulanmaga mümkinçilik berýän täze Browser goşundysy-Makul Sözlük goşundysy taýýarlanyldy.

Chrome web store dükkanyndan “makul sözlük” edip gözleg ediň!

Siz bu goşundyny “Chrome Web Store” dükanyndan “Makul Sözlük” görnüşinde gözleg edip mugt ýükläp bilersiňiz. Bu habary kompýuterden okaýan okyjylarymyz bolsa şu ýere basyp täze goşundyny kompýuterlerine gurup bilerler.

Bu ýerde “Add to Chrome” saýlaň!

Eýsem bu Goşundynyň aýratynlyklary näme:

Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, Makul Sözlük size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer. Isleseňiz Türkmen dilindäki sözüň hem  iňlis dilindäki terjimesini hem tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, iňlis dilinde habar we makala okaýanlar üçin bilmeýän ýa-da şol wagt ýadyna düşmeýän sözi üçin Browserlerden makulsozluk.com ýazmagyna ýa-da haýsyda bolsa mobil sözlüge girmegine gerek galmazdan, şol sözüň üstüne diňe iki gezek basmak bilen aňsatlyk bilen ýadyna düşmeýän sözüni tapmaga kömek eder.

Bu ýerde gurmak üçin degişli rugsaty beriň!

Siz Makul Sözlük goşundysyny kompýuteriňize guran wagtyňyz, haýsyda bolsa bir gözleýän Iňlis we Türkmen dillerindäki sözüňizi Makul Sözlük goşundysyna girip tapyp bilersiňiz.

Makul Sözlük goşundysy tapan sözlerini Türkmen we Iňlis dillerinde Size sesli hem “aýdyp” berer. Bu bolsa şol sözüň okalyş we aýdylyş görnüşlerini öwrenmegine kömek eder.

Siz saýlan sözüňiziň üstüne gelip syçanjygyň sag gulagyna basyň (mysalymyzda “attention” sözi saýlandy)

Bu goşundy diňe Chrome Browser ulanýanylýan kompýuterlere gurnap bolýar. Häzirki döwürde kompýuterleriň aglabasynda Chrome Browser bardygyny ýatlap geçeliň! Bu bolsa kompýuterlerden internete girýänleriň tas hemmesiniň Makul Sözlük goşundysyndan peýdalanyp biljekdigini görkezýär.

kompýuteriňiziň sag ýokary tarapyndaky suratda görkezilen ýerden Makul sözlük logosyny saýlap aňsatlyk bilen ulanyp bilersiňiz!

Bellemeli zat, bu goşundy diňe kompýuterlerde ulanyp bolýar. Makul Sözlük mobil applikasiýasyny bolsa iň ýakyn wagtda hereket edip başlar!

Siz Makul Sözlük goşundyny indirmek üçin ýokarydaky suratlaryň haýsy-da bolsa biriniň üstüne basyp bilersiňiz!

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Ähli söhbetdeşliklerimizi okap bilersiňiz!

Begmyrat Annamyradow: Mukamly maşgalada dogan ýyldyz

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy