Taýlandyň Täze ýyl dynç alyş günlerindäki syýahatçylykdan gelýän girdejiler 54,4 milliard bata (1,6 milliard dollar) ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 44% köp.
Taýlandyň syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Thapani Kiatphaýbun, 22-nji dekabrdan 1-nji ýanwar aralygynda daşary ýurtly syýahatçylaryň çykdajylarynyň 41,7 milliard bat (1,2 milliard dollar) bolandygyny aýtdy. 2023-nji ýylyň soňky hepdesinde Taýlanda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 1,1 million boldy.
Içerki syýahatçylyk pudagynyň şol döwürde 12,7 milliard bat (370 million dollar) girdeji gazanandygy, 3,76 million adamyň bolsa içerki syýahat saparlaryny amala aşyrandygy bellenildi.
2023-nji ýylda 27 milliondan gowrak daşary ýurtly Taýlanda bardy. Myhmanlaryň köpüsi goňşy Malaýziýadan – 4,1 million.