SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Taýlanddaky syýahatçylyk nokatlary ýapylýar

Nikkei Asianyň ýazmagyna görä, daşary ýurtly syýahatçylaryň ýoklugy we girdejileriniň azalmagy sebäpli, Taýlanddaky meşhur syýahatçylyk ýerleri ýapylýar.

Bangkokdaky Talad Rot Faý Ratçadaky gijeki bazaryň wagtlaýyn ýapylandygy habar berildi. Bazar 1-nji awgustda işe başlamalydy, ýöne ýakyn wagtda açylmajakdygy mälim boldy. Bazar özüniň gadymy gymmatlyklary, aýakgaplary we elektronika önümleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekipdi.

Çonburi welaýatyndaky Siraça ýolbarslar haýwanat bagy hem 24 ýyldan soň ilkinji gezek ýapyldy. Haýwanat bagy ýylda 1,5 million syýahatçyny kabul edýärdi.

«Daşary ýurtly syýahatçylar ýokka işimizi dowam etdirip bilmeýäris. Uly hususy haýwanat bagyny dolandyrmak üçin diňe bir fiziki we akyl güýç däl-de, eýsem pul hem talap edilýär» diýlip, haýwanat bagynyň «Facebookdaky» sahypasynda aýdylýar.

Maglumat berilmegine görä, Taýland syýahatçylyk pudagyndaky girdejileri geçen ýyl 71, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda bolsa 74 göterim azaldy. Hökümet oktýabrdan sanjym edilen daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurda girmegine rugsat bermek kararyna geldi. Taýlandda soňky bir hepdede gününe 20 müňe ýakyn koronawirus ýokaşmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykýar.

Ýapon Premýer-ministri Türkmenistany Olimpiýa medaly bilen gutlady

 

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!