SIZDEN GELENLER

Täsin we mylaýym alpaka jandarlary

Alpakalaryň (latynça Vicugna pacos) watany Günorta Amerikanyň belent daglary bolup, ol ýerde takmynan 3 mln töweregi alpaka hasaba alyndy. Olaryň köpüsi Perunyň çäginde, az sany bolsa Ekwadorda, Çilide, Boliwiýanyň günbatarynda ýaşaýar. Maglumatlara görä, mundan 6000 ýyl ozal Peruda ýaşaýan hindiler tarapyndan alpaklar ösdürilip ýetişdirilipdir. 1553-nji ýylda olar hakdaky ilkinji maglumatlar Siesa de Leonyň “Perunyň ýyl ýazgysy” atly kitabynda berilýär. Alpakalar düýeler maşgalasynyň bir görnüşidir. Ilkibaşda bu jandarlar lamalara degişli edilip, soňra aýratyn görnüşe girizildi. Olaryň lamalar bilen çaknyşdyrylyp alnan nesilleri “uariso” (ispan dilinde “huarizo”) diýlip atlandyrylyp, olar köpelmäge ukypsyzdyrlar. Agramy takmynan 70 kg, boýy 80-110 sm barabar bolan bu täsin jandarlar özüni asuda hem-de mylaýym alyp barýarlar. Bu bolsa olaryň iň bir özüne çekiji tarapydyr. Olaryň örän ys alyjylygy hem güýçlidir. Tebigatda olaryň iki görnüşi duşýar, ýagny Suri hem-de Uakaýa görnüşi. Bu jandarlar esasan ýüňi üçin ösdürilýär. Olaryň sütügi inçeligi boýunça toparlara bölünýär: Şa alpakalaryň ýüňüniň diametri 19 mikron, çaga alpakalaryňky 22,5 mikron, uly ýaşlylarynyňky bolsa 32 mikrona deň. Olaryň sütügi örän ýyly hem-de ýumşaklygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de olaryň sütügi örän berk bolup, ýag saklamaýar. Şol sebäpli-de ondan öndürilen önümler uzak wagtlap hapalanmaýarlar. Kiçi ýaşly alpakalaryň ýüňi ýerini çalşyp bolmajak aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol goýun ýüňünden hem ýedi esse ýylydyr, suw geçirmeýär we allergiki täsiri hem düýbünden ýokdur.

 

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika