SIZDEN GELENLER

Täsin suwoty

Bilşimiz ýaly, bizi gurşap alýan daşky dünýämiz özüniň florasy bilen guşawy bezeýär we adamzadyň ünsüni yzygider özüne çekýär. Baý biodürlülige eýe bolan ösümlik dünýäsi özüniň ajaýyplygy, özboluşlylygy, täsin görüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle täsin görnüşleriň biri-de kladaforalar maşgalasyna degişli bolan ýaşyl suwotydyr. Latynça ady Aegagropila Linnaei, ady hem ony açan şweýsariýaly alym K.Linneýiň hormatyna dakylan.

Ýaşyl suwoty esasan hem süýji suwly köllerde, derýalarda duşmak bilen, temperaturasy 18-22º bolan suwlarda ösýär. Ol Ýewraziýa materiginde Ýuwaş ummanyndan tä Atlantik ummanyna çenli aralykda duşýar. Seýrek ýagdaýda bolsa Awstraliýada Sidneýiň kenarlarynda hem hasaba alnandyr.

Daşky görnüşi boýunça şar şekilli bolan bu özboluşly suwoty göreni özüne çekýär. Onuň içi boş bolup, ýaşyl bölegi birnäçe galyňlykda bolýar. “Şarjagazy” kesip göreniňde biri-biri bilen berk baglanyşan inçe şahalanýan sapajyklardan ybarat ösüş zolaklaryny görmek bolýar. Şeýle-de bu suwoty akwariumçylykda hem giňden ulanylýar. Ol akwariumlarda diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem öz üstünden geçýän köp mukdardaky suwy arassalap süzýän tebigy süzgüçdir. Käbir akwaristler ony akwariumda diňe şar görnüşde ösdürmän, gaýçy bilen kesip tekiz görnüşinde hem ösdürýärler.

 

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary