JEMGYÝET

Tamaş Şuýok: Türkmenistan Wengriýa üçin Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş

Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýok Türkmenistanyň Wengriýa üçin Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny belledi. Ol bu barada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda belläp geçdi. 

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we ýurduňyzyň ähli halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi meni diýseň begendirýär. Türkmenistan Wengriýa üçin Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş bolup durýar we biz dostlukly gatnaşyklarymyzy iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyrys.

Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär