JEMGYÝET

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol gyzykly hem ýatdan çykmajak täsirli pursatlara beslendi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky saýlawlarda zehini, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.

Gözellik bäsleşiginiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda şu aşakdakylar baýrakly orunlara mynasyp boldular we degişli diplomlar gowşuryldy:

Baş baýraga – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Baýramowa Aýjan Esengulyýewna.

I orna – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Meläýewa Güljeren Azadowna.

II orna – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kakaýewa Aýgül Ahmedowna we Türkmen döwlet maliýe institutynyň Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Töräýewa Merjen Öwezmyradowna.

III orna – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Orazmämmedowa Amansoltan Ýusupowna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Muhammedowa Aýlar Döwletowna we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gylyçdurdyýewa Läle Nurlyýewna.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy