JEMGYÝET

«Talyp gözeli 2020» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar  guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde gurnamagynda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli 2020» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

«Talyp gözeli 2020» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň 21-si gatnaşdy. Olar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, milli däp-dessurlarymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy, özleriniň saýlap alan hünärlerine bolan söýgüsini şahyrana setirleriň we aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Bulardan başga-da olar milli tagam bolan unaş kesmekde we milli lybaslarymyzyň dürli görnüşlerini mahabatlandyrmakda hem öz aralarynda bäsleşdiler..

Bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Arzuw Annaberdiýewa baş baýraga, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Bossan Mürzäýewa 1-nji orna, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Ataýewa2-nji orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Enegyz Annabaýewa bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Mähriban Bäşimowa 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmatbahaly sowgatlar, şeýle hem oňa işjeň gatnaşanlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy

Türkmenistan Amerika täze ilçi belledi

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär