SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Take off Istanbul 2025 Startup diwarlyklaryň satyşlary başlady

Stambulyň Sergi merkezinde 10-11-nji dekabr aralygynda geçirilmegi meŷilleşdirilŷn «Take Off İstanbul» sekizinji gezek tehnologiýa we telekeçilik dünýäsini özüne çekmäge taýýarlanýar. Startuplary, maýadarlary, tehnologiýa kompaniýalaryny we global öňdebaryjy tehnologiýalarynyň liderlerini jemlejek bu möhüm çärä gatnaşmak isleýänler üçin Startup diwarlyklaryň satyşlary başlady!

30-njy sentýabra çenli 30 göterim arzan irki hasaba alyş mümkinçiligini elden bermäň!

Başlangyçlar 2025-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli 30 göterim arzanladyş bilen Startup diwarlyklaryny satyn alyp bilerler. Çärede önümlerini sergileŷänler, maýadarlar bilen göniden-göni duşuşmaga, sahnada çykyş etmäge we tehnologiýa kompaniýalary bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik alarlar. Diwarlyklaryny alanlar  şu ýyl ilkinji gezek geçiriljek «Founder Day» atly döredijiler gününe gatnaşyp bilerler.

2024-nji ýylda rekord derejesinde gatnaşyk we global gyzyklanma hasaba alyndy

  • 15 müňden gowrak gatnaşyjy
  • 250 sany tehnologiýa startupy (23 ýurtdan),
  • 125 sany halkara maýadar (25 ýurtdan),
  • 65 sany hemaýatkär we hyzmatdaş gatnaşypdy.

Çäräniň dowamynda geçirilen ıkiçäk gepleşiklerden soň dört sany startup jemi 1 million dollarlyk maýa goŷum çekmegi başardy. Şeŷle hem, Meta, SpaceX, Samsung we Axiom Space ýaly tehnologiýa ägirtleriniň çykyş etmegi aŷratyn ähmiŷetli boldy.

2025-nji ŷylda has uly we täsirli

  • Bu ýyl “Take Off İstanbul”,
  • 500-den gowrak startup,
  • 200-den gowrak maýadar,
  • 70-den gowrak degişli edaralaryň gatnaşmagyna garaşylŷar

Has giňişleŷin maglumat we diwarlyklar üçin: https://mth.tc/startupstant

Habarlaşmak üçin: startup@takeoffistanbul.com

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamyndaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Russiýa bilen Iordaniýa syýahatçylar üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Täze serhetara syýahatçylyk ugry Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji gezek rizotomiýa operasiýasy üstünlikli geçirildi