DÜNÝÄ

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Duşanbe şäherinde sekiz müňden gowrak agaç ekildi. «MIR 24» telekanalynyň habar bermegine görä, bu ekologiýa çäresi Täjigistanyğ döwlet maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy.

Bu çärä Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, 30-a golaý döwletiň diplomatlary, şeýle hem ýurtda akkreditirlenen halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Umumy meýdany sekiz gektar bolan ýer böleginde jemi 18 müň düýp agaç ekmek meýilleşdirilýär.

«Ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon tokaý zolaklaryny köpeltmegi we döwletimizi ýaşyl ýurda öwürmegi tabşyrdy. Ministrlik bu ugurda işjeň işleýär we Watanymyzyň abadanlaşdyrylmagyna hem-de ýaşyllyga bürelmegine möhüm goşant goşýar. Diplomatlaryň biziň başlangyjymyzy goldaýandyklaryna we bu prosese işjeň gatnaşýandyklaryna örän şat» — diýip, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat we metbugat müdiriýetiniň başlygy Suhrob Nurali belledi.

Russiýanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň geňeşçi-wekili Wera Hutorskaýa şeýle diýdi: «Biziň zähmetimiz bilen — hawa, bu bahar baýramy, ýöne şol bir wagtda işjeň zenanlaryň hem günüdir — Täjigistanyň ösmegine, bu ýurduň has-da gözelleşmegine şeýle owadan we möhüm goşant goşýandygymyza örän şatdyrys. Elbetde, Täjigistan bilen bilelikde tutuş dünýämiz hem has gülledip öser we ýaşyllyga bürüler».

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli jemi 2 milliarddan gowrak bag nahalyny ekmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar