Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Gyrgyz Respublikasynda döwlet saparynda boldy. Bişkek şäherindäki “Yntymak Ordo” köşgünde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Şonuň çäklerinde iki ýurduň döwlet serhetler boýunça şertnama gol çekildi.
Şu ýylyň 21-nji fewralynda iki ýuduň hökümet wekiliýetleriň arasynda geçirilen gepleşikler boýunça gyrgyz-täjik serhetlerini kesgitlemek boýunça degişli ylalaşyk gazanylypdy.
Emomali Rahmonyň we Sadyr Žaparowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iki ýurduň serhedindäki “Kaýragaç” we “Kyzyl-Bel” gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işi gaýtadan ýola goýmak dabarasy geçirildi.
Şeýle hem iki ýurduň paýtagt şäherleriniň arasynda uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagy babatda ylalaşyldy. Duşenbe-Bişkek-Duşenbe ugry boýuça gatnawlary ýola goýuldy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow şu ýylyň 31-nji martynda Täjigistanyň Hojand şäherinde geçiriljek Nowruz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjakdygyny aýtdy.
Şeýle hem iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 14-den gowrak resminama gol çekildi.