DÜNÝÄ

Tailandyň Patyşasynyň ilkinji sapary: uçary özi dolandyrdy

Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorn özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrdy we bu saparda uçary özi dolandyrdy.

Tailandyň Patyşasy we şol bir wagtda bilimi boýunça uçarman bolan 72 ýaşyndaky Maha Wajiralongkorn we kömekçi uçarman Şa aýaly Suthida bilen 25-28-nji aprel aralygynda Butan döwletine özüniň ilkinji saparyny amala aşyrdy. Patyşa we onuň maşgalasy “Boeing 737-800” kysymly uçary özleri dolandyrdy.

4 sagat dowam eden uçuşdan soňra Tailandyň Patyşasy uçary Butanyň Paro howa menziline gondurdy. Patyşa maşgalasyny Butanyň Patyşasy Jigme Hesar Namgýel Wangçuk we Şa aýaly Jetsun Pema garşylady.

Şeýlelikde, 2016-njy ýylda patyşa tahtyna geçen Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorn ilkinji daşary ýurt saparyny Butana amala aşyrdy.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi